Tramp bilen Putin koronawirus hakynda pikir alyşdy

“Putin bilen Tramp, koronawirus epidemiýasyna uly alada bildirýär

1388040
Tramp bilen Putin koronawirus hakynda pikir alyşdy

 

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, koronawirus epidemiýasy we halkara nebit bazaryndaky soňmky ýagdaý hakynda pikir alyşdy.

Kremlden berlen ýazmaça beýanatda, Wladimir Putin bilen Donald Trampyň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Beýanatda “Putin bilen Tramp, koronawirus epidemiýasyna uly alada bildirýändigini belledi we Kowid-19 howpuna garşy Russiýada we ABŞ-da görlen çäreler hakynda pikir alyşdylar” diýildi.

Beýanatda iki lideriň telefon söhbetdeşliginde halkara nebit bazaryndaky soňky wakalar hakynda hem pikir alyşandygy we bu ugurda ýakyndan aragatnaşyk saklajakdyklary nygtaldy.

 



Degişli Habarlar