Tramp: “Demirgazyk Koreýanyň lideri duşmançylykly hereket etse ýitirjek zady köp” diýdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň duşmançylykly hereket eden halatynda ýitirjek köp zadynyň bardygyny belledi

1319921
Tramp: “Demirgazyk Koreýanyň lideri duşmançylykly hereket etse ýitirjek zady köp” diýdi

Donald Tramp, Demirgazyk Koreýanyň BMG-däki hemişelik wekili Kim Songyň ýadro ýaraglardan saplanmak bilen baglanşykly maddanyň mundan beýläk gepleşikler stolynda bolmandygy baradaky beýanatyna nägilelik bildirdi.

Sosial media hasaby Twitter hasabynyň üsti bilen beýanata beren Tramp: “Kim Çen Yn örän akylly. Eger ol duşmançylykly hereket etse ýitirjek köp zady bar. Singapurda meniň bilen Ýadro ýaraglardan saplanmak bilen bagly şertnama gol çekdi” diýip habar berdi.

Tramp: “Kim Çen Yn, ABŞ-nyň Prezidenti bilen bolan gatnaşyklaryny güýçsiz yglan etmek ýa-da noýabr aýynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna täsir ýetirmek islemez. Demirgazyk Koreýa Kim Çen Ynyň ýolbaşçylygynda ägirt uly ykdysady mümkinçilige eýe, emma söz berişleri ýaly ýadro ýaraglarda saplanmagy gerek. NATO, Hytaý, Russiýa, Ýaponiýa we bütin dünýä bu babatda birleşdi” diýip habar berdi.

Birnäçe gün ozal Ak Tamda metbugat işgärlerine beýanat beren Tramp: “Gatnaşyklarymyz örän gowy, emma biraz duşmançylyk bardygy barada şübhäm bar” diýip belläpdi.



Degişli Habarlar