Tramp Konte bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kowid-10 epidemiýasyndan agyr ýitgi çeken İtaliýanyň Premýer ministri Konte bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1388308
Tramp Konte bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Ak Tamdan berilen ýazmaça beýannamada telefon söhbetdeşliginde liderleriň koronawirus epidemiýasy boýunça pikir alyşandyklaryna üns çekildi.

Beýannamada: “Prezident Tramp İtaliýada ýogalanlar üçin Kontä gynanç bildirdi” diýilýär.

ABŞ İtaliýa we beýleki ýewropaly hyzmatdaşlary bilen işleşmek boýunça wadasyny ýene-de bir gezek beýan etdi.

Trampyň telefon söhbetdeşliginde wirusyň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy we gerek bolan lukmançylyk enjamlarynyň berilmegi üçin ABŞ-nyň İtaliýa hem-de beýleki ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işleşjekdigini nygtady.

Beýannamada Trampyň we Kontäniň epidemiýanyň gözegçilik astyna alynmagy we global ykdysadyýetiň dikeldilmegi üçin G-7 we G-20 ýaly halkara guramalarynda ýakyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşandyklary bellenilýär.

 



Degişli Habarlar