Tramp ÝPG/PKK-a Türkiýe serhedinden çekilmek barada çagyryş berdi

Tramp “Çekilmeklerini umyt edýärin, sebäbi uçaryňyz ýok bolsa harby uçary bolan güýji ýenmek gaty kyn” diýdi

1287010
Tramp ÝPG/PKK-a Türkiýe serhedinden çekilmek barada çagyryş berdi

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Türkiýe serhedinden çekilmegini umyt edýändigini aýtdy

Waşingtonda saýlawçylary bilen duşuşan Tramp, Amerikaly esgerleriň “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagyndan çekilmegi baradaky karar hakynda durup geçdi.

Geçen ýyl Yrak bilen Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň arasynda galandygyny aýdan Tramp, bu gezek hem Türkiýe bilen ÝPG/PKK-nyň arasynda galandygyny belledi.

Tramp “ÝPG/PKK Türkiýe serhedinden 22 mil, 30 kilometre çenli çekilmek isleýär we bu diýseň gowy habar. Çekiliň serhet türkleriňki bolsun” diýdi.

ABŞ-nyň esgerlerini sebitden çekmek barada kabul edilen karar hakynda hem durup geçen Tramp “Öz serhedimizi gorap bilmeýän günlerimizde esgerlerimizi ýene-de 50 ýyl Türkiýe-Siriýa serhedinde goýup bilmeris” diýdi.

ÝPG/PKK-nyň Türkiýe-Siriýa serhedinden çekilmegi barada hem garaýyş beýan eden Tramp “Çekilmeklerini umyt edýärin, sebäbi uçaryňyz ýok bolsa harby uçary bolan güýji ýenmek gaty kyn” diýdi.

 



Degişli Habarlar