Tunisiň agdarlan Prezidenti Bin Ali, bejergi alýan hassahanasynda ýogaldy

Tunisiň 83 ýaşyndaky ozalky Prezidenti 2011-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda harby agdarlyşyk arkaly wezipesinden çetleşdirlipdi

1272980
Tunisiň agdarlan Prezidenti Bin Ali, bejergi alýan hassahanasynda ýogaldy

Tunisiň agdarlan Prezidenti Zeýnel Abidin Bin Ali, bejergi alýan hassahanasynda ýogaldy

Bin Aliniň aklawçysy Münir Bin Saliha, mesele hakynda beren beýanatynda, Zeýnel Abidin Bin Aliniň Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde bejergi alýan hassahanasynda ýogalandygyny mälim etdi.

Bin Saliha, geçen hepde beren beýanatynda, Bin Aliniň saglyk ýagdaýy sebäpli hassahanada bejergi astyna alynandygyny we ýagdaýynyň agyrdygyny mälim edipdi.

 Eden galplyklary we basyşlary bilen tanalýan bir döwüriň baş aktýory Bin Aliniň, geçen hepde hassahanada bejergi astyna alynmagyndan soň jynazasynyň Tunise getirlip getirilmejekdigi meselesi uly jedelleşige sebäp bolupdy

Tunisiň 83 ýaşyndaky ozalky Prezidenti Zeýbel Abidin Bin Ali, 2011-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda harby agdarlyşyk arkaly wezipesinden çetleşdirlipdi we şol günden bäri Saud Arabystanynda ýaşaýardy

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar