ÝB koronawirus epidemiýasy sebäpli 37 milliard ýewrolyk gazna döreder

ÝB koronawirus sebäpli 37 milliard dollarlyk gaznanyň döredilmegi we uçuş rugsatlarynyň bes edilmegi boýunça goşmaça çäreleri tassyklady

1388376
ÝB koronawirus epidemiýasy sebäpli 37 milliard ýewrolyk gazna döreder

ÝB Geňeşi koronawirus epidemiýasy sebäpli ýörite çäreleriň görülmegi hakyndaky düzgünnamanyň tassyklanandygyny habar berdi.

Şuňa laýyklykda Koronawirusa Çäre Maýa Goýum Başlangyjyna ÝB-niň býujetinden 37 milliard ýewrolyk serişde bölünip beriler. Agza  ýurtlar şol serişde bilen saglygy goraýyş ulgamlaryna we guramalaryna gyssagly goldaw bererler.

Tebigy apatlarda peýdalanylmak üçin döredilen ÝB-niň Arkalaşyk Gaznasy Kowid-19 ýaly jemgyýetiň saglygy bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlarda-da peýdalanylar.

Howa ýoly komapaniýalar üçin gerek bolan ÝB-niň uçuş rugsatlary düzgünleri 1-nji martdan 24-nji marta çenli saklanar.

Bu düzgünler ÝB-niň resmi gazetinden çap edilmeginden soň 1-nji aprelde güýje girer.



Degişli Habarlar