ÝB Maýmyn mama keseline garşy sanjym satyn alar

Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurdyň Maýmyn mama keseline (monkeypox) garşy sanjym we antiwiral satyn aljakdygy mälim edildi

1832881
ÝB Maýmyn mama keseline garşy sanjym satyn alar

Ispaniýanyň Saglygy goraýyş ministri Karolina Darias metbugata beren beýanatynda, Daniýanyň Bawarian Nordik firmasy tarapyndan öndürilen, Ýewropanyň Derman agentligi tarapyndan tassyklanan Maýmyn mama keseli sanjymy "Imvanex" sanjymynyň ÝB-de Maýmyn mama keseline garşy ulanylmak maksady bilen satyn alynjakdygyny habar berdi. 

Ispaniýanyň Saglygy goraýyş ministri Karolina Darias, ady agzalan sanjymyň haýsy ýaş aralygyndaky adamlara we keselli adamlaryň haýsy toparyna garşy ulanyljakdygy barada maglumat bermedi. 

Maýmyn mama keseliniň Ýewropada iň ýaýran ýurdy Ispaniýa hökmünde bilinýär. 

Ispaniýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň beren soňky beýanatyna görä Ispaniýada Maýmyn mama keseline ýolugan adamlaryň sany 59-a ýetdi. 



Degişli Habarlar