ÝB-ne agza ýurtlar Türkiýe meselesini ara alyp maslahatlaşar

Türkiýäniň Siriýadaky harby operasiýasy we Gündogar Ortaýer deňzinde geçirýän burawlaýyş işleri ara alnyp maslahatlaşylar

1287521
ÝB-ne agza ýurtlar Türkiýe meselesini ara alyp maslahatlaşar

ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministleri Türkiýe meselesini ara alyp maslahatlaşar

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Federika Mogherini “ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň, Türkiýäniň Siriýadaky harby operasiýasyny we Gündogar Ortaýer deňzinde geçirýän burawlaýyş işlerini ara alyp maslahatlaşjakdygyny nygtady

Mesele hakynda metbugata beýannama beren Mogherini oktýabr aýynyň 17-18-i aralygynda geçiriljek ÝB-niň liderler maslahatynda hem ady agzalýan iki meseläniň gün tertibine getiriljekdigini aýtdy.

Maslahata BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Pederseniň hem gatnaşjakdygyny aýdan Mogherini, “Şol çäkde syýasy etabyň harby dartgynlykdan nähili halas boljakdygyny ara alyp maslahatlaşarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar