ÝB Ýene-de 150 Million Doza Moderna Sanjymyny Alar

Moderna firmasynyň ÝB-ne agza ýurtlara 2020-njy ýyla çenli goşmaça 150 million doza sanjym bermegine garaşylýar

1662850
ÝB Ýene-de 150 Million Doza Moderna Sanjymyny Alar

ÝB, Moderna firmasynyň Kovid-19a garşy öndürlen sanjymyndan ýene-de 150 million doza alar.

ÝB Komissiýasy, Moderna firmasy bilen fewral aýynda baglaşylan ikinji sanjym şertnamasynyň çäginde goşmaça sanjym aljakdyklaryny mälim etdi.

Moderna firmasynyň ÝB-ne agza ýurtlara 2020-njy ýyla çenli goşmaça 150 million doza sanjym bermegine garaşylýar.

ÝB, şu günki güne çenli BioNTec-Pfizer bilen 2,4 milliard, AstraZeneka bilen 400 million, Sanofi-GSK bilen 300 million, Johnson&Johnson bilen 400 million, CureVak bilen 405 million, Moderna bilen hem 460 million doza sanjym salmak üçin şertnama baglaşdy.


Etiketkalar: #sanjym , #Kovid-19 , #Moderna

Degişli Habarlar