Ýewropa Geňeşi Türkiýäniň terrora garşy göreşi bilen bagly beýanat berdi

Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Mariýa Peýçinowiç Buriç, Türkiýäniň terrora garşy göreşini takdyr edýändiklerini habar berdi

1320353
Ýewropa Geňeşi Türkiýäniň terrora garşy göreşi bilen bagly beýanat berdi

Buriç, Stambulda geçirilen Adam hukuklary Hereket meýilnamasynyň ýola goýulmagyny we hasabatlanmagyny goldamak taslamasynyň açylyşynda eden çykyşynda, adam hukuklary ugrunda Türkiýä goldaw bermäge we hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdiklerini habar berdi. 

FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanyşygynyň, Türkiýäniň demokratik guramalaryna garşy edilen bir hüjümdigini aýdan Mariýa Peýçinowiç Buriç: "Biz Ýewropa Geňeşi hökmünde iň tiz ýagdaýda reaksiýamyzy görkezdik. Adam hukuklarynyň, demokratiýanyň, hukugyň belentliginiň ähmiýetine ynanýarys. Agza döwletler hökmünde ählimiz bu maksatlar üçin tagalla edýäris. Türkiýäniň terrora garşy göreşini takdyr edýäris" diýip belledi. 

 



Degişli Habarlar