“Ukrainanyň 1016 Ilatly Ýeri Basyp Alyşlykdan Halas Edildi”

Zelenskiý, Russiýanyň Ukrainany basyp almaga Krymdan başlandygyny we rus goşunynyň ahyry bu sebitden çekiljekdigini aýtdy

1832291
“Ukrainanyň 1016 Ilatly Ýeri Basyp Alyşlykdan Halas Edildi”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň Ukrainany basyp almaga Krymdan başlandygyny we rus goşunynyň ahyry bu sebitden çekiljekdigini aýtdy.

Wladimir Zelenskiý Telegramdan beren habarnamasynda, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 24-nji fewralda başlan söweşiň 3 aýdan bäri dowam edýändigini belledi.

Zelenskiý, söweşiň 90-njy gününde Ukrainanyň goşunynyň Russiýa garşy ýurduny goramaga dowam edýändigini, 3 aýlyk etabyň diýseň agyr geçendigini nygtady.

90 günde Ukrainaly 15 müň 227 esgeriň, polisiň we beýleki gullukçylaryň döwlet gahrymany baýragyna laýyk görlendigini aýdan Zelenskiý, beýleki tarapdan basyp alyşlyk astyndaky ýerlerini halas etmek üçin göreşiň dowam etjekdigini ýatlatdy.

Zelenskiý “Ukrainanyň 1016 ilatly ýeri basyp alyşlykdan halas edildi” diýdi.

Russiýanyň 3 aýlyk etapda hiç hili netije alyp bilmändigini we dürli bahanalary öňe sürýändigini aýdan Zelenskiý “30 müňe golaý rus esgeri ýogaldy, 200-den gowrak uçar urlup düşürildi. Müňlerçe rus tanky, sowutly ulagy we harby enjamy hatardan çykaryldy. Ähli güýçleri bilen söweşip bilmeýändikleri sebäpli dürli bahanalary öňe sürýärler. Bu diýseň gynandyryjy”diýdi.

Russiýanyň Donbasda ýeňiş gazanyp bilmejekdigini bilýändigini emma muňa garamazdan sebiti dolulygyna basyp almak üçin herekete geçendigini aýdan Zelenskiý “Donbasdaky ýagdaý has agyr. Russiýa ähli harby güýjüni Donbasa ornaşdyrdy” diýdi.

Wladimir Zelenskiý, Russiýa has güýçli sanksiýalaryň goýulmagy we Ukraina maliýe kömeginiň berilmegi üçin dünýä liderleri bilen gepleşik geçirmäge dowam edýändigini ýatlatdy.

Russiýanyň Ukrainany basyp almaga Krymdan başlandygyny ýatladan Zelenskiý, “Rus basyp alyşlygy Krymdan başlady. Bu rus döwletiniň Ukraina meselesinde eden ýalňyşlyklarynyň sanawynda ilkinji madda däl. Russiýanyň ýalňyşlyklary onuň güýçden gaçmagyna sebäp bolýar. Elbetde basyp alyjylar Krymy terk etmeli bolar” diýip belledi.



Degişli Habarlar