Ukrainanyň Baş Ştaby Russiýanyň goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-29-nji iýun aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi

1849713
Ukrainanyň Baş Ştaby Russiýanyň goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Ukraina garşy 24-nji fewralda söweş başladan Russiýanyň goşunyndan soňky 1 günde 200 esgeriň, jemi bolsa 35 müň 450 esgeriň öldürilendigini habar berdi. 

Ukrainanyň Baş ştaby tarapyndan berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy söweş başladan Russiýa degişli 35 müň 450 esger öldürildi, 217 uçar, 185 dikuçar, 1572 taňk, 3 müň 720 sowutly ulag, 781 top, 246 raketa ulgamy we 103 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 2 müň 598 ulagyny, 14 gämi we ýokary tizlikli katerini we 640 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. 

Mundan başgada ruslar tarapyndan atylan 142 ganatly raketanyň Ukrainanyň Howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Beýanatda mundan başgada Lisiçansk ugrunda aldym-berdimli söweşleriň dowam edýändigi, Russiýanyň harby birikmeleriniň çaknyşyklaryň dowam edýän Bahmut ugrunda örän köp ýitgi çekendigi bellenip, Russiýanyň goşunynyň Harkow ugrunda bolsa ozal basyp alan ýerlerini elinde tutmaga çalyşýandygy aýan edildi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda, Ukrainada 1351 rus esgeriň ýogalandygy habar berilipdi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Baş ştab , #Ukraina

Degişli Habarlar