Ukrainanyň halky Krymyň yzyna alynmagy meselesinde egilşik edilmegini islemeýär

Ukrainada protest ýörişi geçirildi

1319797
Ukrainanyň halky Krymyň yzyna alynmagy meselesinde egilşik edilmegini islemeýär

Ukraina krizisiniň ççzülmegi üçin Germaniýanyň, Fransiýanyň, Russiýanyň we Ukrainanyň liderleriniň Normandiýa formatynda geçirjek maslahatynyň öňüsyrasynda paýtagtda protest ýörişi geçirildi.

Ukrainanyň ozalky Prezidenti Petro Poroşenkonyň Ýewropa Arkalaşygy partiýasy bilen ýurduň ozalky premýer ministrlerinden Ýuliýa Timoşenkonyň Enewatan partiýasy we sungat ussady Swýatoslaw Wakarçugyň Ses partiýasy tarapyndan Garaşsyzlyk meýdanynda protest ýörüşi geçirildi.

“Gyzyl çyzyk” atly protest ýörüşine oppozisiýadaky partiýalara agza müňlerçe adam gatnaşdy.

Demonstrantlar 9-njy dekabrda geçiriljek Normandiýa liderler maslahatynda Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskisiniň bitewi döwlet gurluşyndan, ýurduň Günbatarly ýurtlar bilen utgaşyklyk syýasatyndan ýüz öwürmezligi we Krymyň yzyna alynmagy meselesinde egilşik etmezligini talap etdi.

Protest ýörişleri sebäpli berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.

Ukraina krizisini ara alyp maslahatlaşmak üçin 9-njy dekabrda Fransiýanyň paýtagty Parižde Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň gatnaşmagynda Normandiýa formatynda liderler maslahaty geçirler.

Normandiýa dörtlügüniň liderler maslahaty soňky gezek 2016-njy ýylda Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirlipdi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar