Ukrainanyň Prezidenti: "Umumy howpsuzlyk ugrunda Ukraina üçin ýer tapylmalydyr" diýdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçirilýän NATO sammitinde liderlere ýüzlenip: "Umumy howpsuzlyk ugrunda Ukraina üçin ýer tapylmalydyr" diýip nygtady

1849906
Ukrainanyň Prezidenti: "Umumy howpsuzlyk ugrunda Ukraina üçin ýer tapylmalydyr" diýdi

Russiýanyň örän agressiw bolan bir döwründe, dünýäniň örän batyr alýansa zerurlygynyň bardygyny aýdan Zelenskiý, Russiýanyň maksatlarynyň bilinýändigini we aýdyňdygyny mälim etdi. 

Rus liderliginiň dünýäni tapawutly görýändigini aýdan Zelenskiý: "Mysal üçin Litwany alýansyň bir agzasy hökmünde däl, eýsem SSSR-yň bir Respublikasy hökmünde görýärler. Şol bir zat Russiýanyň goňşysy bolan her ýurt üçin öz güýjüni goraýar. Bir mahallar Moskwanyň täsiri astynda bolan her bir döwlet üçin" diýip habar berdi. 

Zelenskiý Ukraina söweşiň başlan güni bolan 24-nji fewraldan bäri 2 müň 800-den gowrak raketanyň atylandygyny we olaryň aglabasynyň asuda ilaty nyşana alandygyny belläp: "Russiýanyň goşuny mümkin boldugy saýyn köp adamyň şäherleri terk etmeklerini üpjün etmek üçin ähli zady edýär" diýip nygtady. 

Ukrainanyň Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň alýansyň düzümine goşulmak baradaky kararlaryndan hoşaldygyny we onuň Russiýanyň şol döwletlere garşy herekete geçmeden ozal amala aşyrylmagynyň örän gowy karardygyny aýdan Zelenskiý: "Bu Russiýanyň diňe Ukraina garşy bir söweşi däl, Ýewropadaky şertleri öňe sürmek hukugynyň söweşidir. Şol sebäpli Russiýanyň söweşi maliýeleşdirmek güýjüni duruzjak bular ýaly görnüşli sanksiýalar, ýarag, maliýe we syýasy ýagdaýda Ukrainany indi hem goldamak çürt kesik mejburylykdyr. Ukrainanyň döwrebap raketalara we howa goranyş ulgamlaryna zerurlygy bar we sizde şol ulgamlar bar. Olary bize berip, Russiýanyň şäherleri ýok etmek we Ukrainanyň asuda ilatyny gorkuzmak taktikalaryny dolulygyna ýok edip bilersiňiz" diýip belledi. 

 



Degişli Habarlar