“ÝPG terror guramasydyr we bütin dünýä ony terror guramasy hökmünde ykrar etmeli bolar”

Hulusi Akar Anadoly Habarlar gullugyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi

1320253
“ÝPG terror guramasydyr we bütin dünýä ony terror guramasy hökmünde ykrar etmeli bolar”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ÝPG-nyň terror guramasydygyny we bütin dünýäniň ÝPG-ni terror guramasy hökmünde ykrar etmeli boljakdygyny aýtdy.

Hulusi Akar Anadoly Habarlar gullugyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi.

Beýanatynda, Siriýanyň bir bölegini basyp alan ÝPG hakynda durup geçen ministr Akar, ÝPG-nyň ekstremist terör guramasy PKK-dan hiç hili tapawudynyň ýokdygyny we ÝPG garşy göreşiň dowam etjekdigini nygtady.

Akar “ÝPG terror guramasydyr we bütin dünýä ony terror guramasy hökmünde ykrar etmeli bolar” diýdi.

Ministr Akar Türkiýe bilen NATO-nyň arasyndaky güýçli gatnaşyklara ünsi çekdi.

Akar “NATO-nyň çäginde ýurdumyzyň hak-hukuklary we bähbitlerimiz hakyndaky garaýyşlarymyzy beýan edýän bolsak bu NATO garşy bolan tutum hökmünde görülmeli däl” diýdi.

Türkiýäniň günorta serhetleriniň NATO-nyň hem günorta serhetleri diýmekdigini nygtan Akar “Biz günorta serhetlerimizi goraýarkak şol bir wagtda NATO-nyň we Ýewropanyň hem günorta serhetlerini goraýarys” diýip belledi.

Milli Goranmak ministri Akar, Türkiýäniň Kiprli türkleriň hak-hukuklarynyň basgylanmagyna asla rugsat bermejekdigini nygtady.

Siriýada guralýan Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy hakynda durup geçen Akar “Operasiýada häzire çenli 145 kilometrlik giňlige we 30 kilometr çuňluga eýe bolan meýdan gözegçilik astyna alyndy” diýdi.

Hulusi Akar Rakka we Haseke şäherlerinde halkyň 57 göterimiň Parahatçylyk Çeşmesi operasiuasyna goldaw berýädigini aýratyn belledi.

 

 

 


 

 



Degişli Habarlar