“Ýurtda çuňňur we ýerlikli gahar gazab höküm sürýär”

Makron, “Ykdysady we sosýal taýdan adatdan daşary ýagdaý yglan ederin” diýdi

1104546
“Ýurtda çuňňur we ýerlikli gahar gazab höküm sürýär”

 

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron sary ýeňsizliler barada möhüm beýanat berdi.

“Ýurtda çuňňur we ýerlikli gahar gazab höküm sürýär” diýen Makron, “Ykdysady we sosýal taýdan adatdan daşary ýagdaý yglan ederin” diýdi.

Makron “Aýda 2 müň ýewrodan az aýlyk alýanlaryň aýlyk günleri artdyrlar” diýdi.

Iň pes aýlygyň ýanwar aýyndan başlap 100 ýewro artdyryljakdygyny aýdan Makron, hususy pudagyň wekillerine hem işgärleriniň aýlyk günlüklerini artdyrmagy maslahat berdi.

“Ozalky çykyşlarymyň ynsanlary ynjydandygyny bilýärin” diýen Makron “Soňky 40 ýylda halkyň ýagdaýynyň agyrlaşýandygyny gördük we bu ýagdaý henizem dowam edýär. Bu meseledäki jogapkärçiligimi kabul edýärin. Biz soňky 1,5 ýylda biz mesele bilen ýakyndan gyzyklanyp bilmedik” diýdi.

Makron protest ýörişlerinde aşa güýç ulanylmagyny asla kabul etmejekdiklerini belledi.

Taryhy öwrülşik nokadyny başdan geçirýändiklerini we meseläni gepleşik arkaly çözüp biljekdiklerini aýdan Fransiýanyň lideri “Dalaşgärlerim döwrümde weren wadalarymy ýatdan çykarmadym. Fransiýada çagalarymyzyň eşretli günlerde ýaşamagyny isleýärin” diýdi.

Uly göwrümli kanuny üýtgetmeleriň kabul edilmelidigini ýatladan Emmanuel Makron, halka hem uly jogapkärçiligiň düşýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar