Waşingtonda guralan ýaragly hüjümde 1 adam ýogaldy, 5 adam ýaralandy

Hüjümçiniň heniz tussag edilmändigi bellenildi

21 Eylül 2019 13:04

ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda guralan ýaragly hüjümde 1 adam ýogaldy, 5 adam ýaralandy.

ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Ak Tamdan 3 kilometr alysda guralan ýaragly hüjümde 1 adam ýogaldy, 5 adam ýaralandy.

Hassahanada bejergi astyna alynanlardan 2 adamyň ýagdaýynyň agyrdygy nygtaldy.

Hüjümçiniň heniz tussag edilmändigi bellenildi

Howpsyzlyk güýçleri hüjüm hakynda derňew işinin gozgalandygyny mälim etdi.