Yragyň Daşary Işler Ministri Eýranda Saparda Bolýar

Hüseýin bilen Şemhani özara we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy

1591804
Yragyň Daşary Işler Ministri Eýranda Saparda Bolýar

Yragyň Daşary işler ministri Fuad Hüseýin Eýranda saparda boldy

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, garaşylmadyk ýagdaýda şu gün irden Tährana gelen Hüseýin, Eýranyň Milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň baş sekretary Ali Şemhani bilen duşuşdy.

Hüseýin bilen Şemhani özara we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Yragyň Daşary işler ministri Fuad Hüseýiniň saparynyň çäginde eýranly beýleki ýolbaşçylar bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar