Yrakda halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşýän harby merkeze raketa hüjümi guraldy

Hüjümde 6 esger ýaralandy

1319978
Yrakda halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşýän harby merkeze raketa hüjümi guraldy

Yragyň paýtagty Bagdatda halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşýän harby merkeze guralan raketa hüjüminde 6 esger ýaralandy.

Yragyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan berlen ýazmaça beýanata görä, Bagdatdaky halkara howa menziliniň goýyndaky harby merkeze 4 katýuşa raketasy bilen hüjüm guraldy.

Hüjümde 6 esger ýaralandy.

Yrakda ýaňy ýakynda hem Salahaddin we Anbar welaýatlarynda ýerleşýän ABŞ-nyň harby merkezlerine raketa hüjümi guralypdy.

 

 

 


 

 



Degişli Habarlar