Yrakda şu gün geçirilmegine garaşylýan ýörişiň öňüsyrasynda berk howpsyzlyk çäreleri görüldi

Ýüzlerçe adam protest ýörişine gatnaşmak üçin Bagdada geldi

1320729
Yrakda şu gün geçirilmegine garaşylýan ýörişiň öňüsyrasynda berk howpsyzlyk çäreleri görüldi

Yragyň paýtagty Bagdatda şu gün geçirilmegine garaşylýan “millionlyk ýörişiň” öňüsyrasynda berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.

Kerbela we Nejef şäherleriniň başda durmagynda ýurduň çar tarapyndan ýüzlerçe adam protest ýörişine gatnaşmak üçin Bagdada geldi.

Ýörişler sebäpli Bagdatda hökümet binalarynyň ýerleşýän ýeri bolan Ýaşyl zolakda berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.

Bagdadyň merkezindäki Tahrir meýdanynda geçirilmerine garaşylýan “millionlyk ýöişiň” öňüsyrasynda, ýörişleriň guramaçylary tarapyndan berlen çagyryşlarda ýörişleriň parahatçylykly ýagdaýda geçirilmegi we Ýaşyl zolaga geçilmezligi islendi.

Haşdi Şabiniň çäginde iş alyp barýan Asaýip Ehlilhak hereketiniň lideri Kaýs Hazeli metbugata beren beýanatynda, giň gerimli ýöriş arkaly Bagdatda haosyň emele getirilmek islenilýändigi we haos emele gelen halatynda ýitgileriň köpeljekdigi barada duýduryş berdi.

 



Degişli Habarlar