Ysraýylda hökümet krizisi çözülmedi…

2020-njy ýylyň 2-nji martynda umumy saýlawlar geçirler

1320528
Ysraýylda hökümet krizisi çözülmedi…

 

Şäriklik hökümeti krizisi sebäpli Ysraýylda Premýer ministr Benýamin Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky Likud partiýasy bilen Benny Gantzyň ýolbaşçylygyndaky Mawy-Ak hyzmatdaşlygy erki saýlawlaryň geçirilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.

Ylalaşyga laýyklykda Mejlis ertir agşama çenli şäriklik hökümetini gurjak halk deputatyny kesgitläp bilmän halatynda 2020-njy ýylyň 2-nji martynda umumy saýlawlar geçirler.

Eger şeýle bolan halatynda Ysraýylda 1 ýylda 3-nji gezek umumy saýlawlar geçirler.

Ysraýylda 17-nji sentýabrda geçirlen saýlawlardan bäri şäriklik hökümeti gurlup bilinmedi.

Prezident Reuwen Riwlin syýasy partiýalaryň arasynda şärlik hökümetiniň gurlup bilinmändigi sebäpli 21-nji noýabrda hökümeti gurmak jogapkärçiligini kanunlara laýyklykda Ysraýylyň Mejlisine beripdi.

Ysraýylda şäriklik hökümetiniň ynam sesini almagy üçin 120 kürsülü Mejlisde 61 halk deputaty “kabul” sesini bermeli.

 



Degişli Habarlar