Ysraýylyň Halap Howa Menziline Guran Hüjüminde 36 Esger Ýogaldy

Hüjüm hakynda heniz resmi beýannama berilmedi.

2121786
Ysraýylyň Halap Howa Menziline Guran Hüjüminde 36 Esger Ýogaldy

Ysraýylyň Siriýadaky Halap howa menziline guran hüjüminde 36 esgeriň ýogalandygy öňe sürülýär.

Ysraýylyň, Siriýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Halap welaýatyndaky howa menzile we goranyş enjamlaryny öndürýän desga howa hüjümini gurandygy habar berildi.

Siriýanyň hökümetine ýakyn çeşmeleriň sosial medidan beren habarnamasynda, Ysraýyla degişli harby uçarlaryň halkara howa menzili bilen Sefire etrabyndaky goranyş enjamlaryny öndürýan fabrige hüjüm gurandygy habar berildi.

Siriýanyn harby goşunyna degişli howa goranyş ulgamlarynyň duşmanyň raketasyna degişli gaýtawuly görkezendigi nygtaldy.

Hüjüm hakynda heniz resmi beýannama berilmedi.

Siriýa Adam hukuklary guramasy hüjümde azyndan siriýaly 36 esgeriň ýogalandygyny, köp sanly adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Ysraýyl, Siriýada içerki urşuň başlan ýyly bolan 2011-nji ýyldan bäri Halabyň we Damaskyň howa menzillerine, Eýran tarapyndan goldanýan toparlara we Siriýanyň harby goşunyna degişli ýerlere hüjüm guraýar.

 

 

 


Etiketkalar: #Siriýa , #Halap , #Ysraýyl

Degişli Habarlar