10 Aýda 174 Million Dollarlyk Mandarin Eksport edildi

Eksport sanawynda Russiýa, Ukraina, Yrak, Polşa we Serbiýa esasy orun eýeleýär

1531489
10 Aýda 174 Million Dollarlyk Mandarin Eksport edildi

 

Türkiýäniň mandarin eksporty üstümizdäki ýylyň ýanwar-oktýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 47 göterim artyp 174 dollara barabar boldy.

Milli Sitrus geňeşiniň başlygy Kemal Kaçmaz, geçen ýylyň ýanwar-oktýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 281 müň tonna mandarin eksport edilip 119 million dollarlyk girdeji gazanylandygyny aýtdy.

Kemal Kaçmaz “Üstümizdäki ýylyň 10 aýlyk döwründe bolsa 337 million tonna mandarin eksport edilip 174 million dollarlyk girdeji gazanyldy” diýdi.

Kaçmaz eksport sanawynda Russiýanyň, Ukrainanyň, Yragyň, Polşanyň we Serbiýanyň esasy orun eýeleýändigini belledi.

 



Degişli Habarlar