2020-njy ýylyň birinji ýarymynda 573 million dollarlyk maska we goraýjy eşik eksport edildi

“Üstümidäki ýylyň 6 aýlyk döwründe 144,7 million dollarlyk maska, 428,7 million dollarlyk hem goraýjy eşik eksport etdik”

1449999
2020-njy ýylyň birinji ýarymynda 573 million dollarlyk maska we goraýjy eşik eksport edildi

 

Türkiýe 2020-njy ýylyň birinji ýarymynda 573 million dollarlyk maska we goraýjy eşik eksport etdi.

Stambul taýar geýim we konfeksiýa eksportçylar bileleşiginden berlen beýanata görä, agyr günlerde ýurduň ykdysadyýeti üçin strategik taýdan esasy orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek subut eden Türkiýäniň taýar geýim pudagy, epidemiýa döwründe onlarça ýurduň derdine derman boldy.

Stambul taýar geýim we konfeksiýa eksportçylar bileleşiginiň başlygy Mustafa Gültepe, ozal deňi taýy görülmedik epidemiýa sebäpli dünýäniň çar tarapynda ýerleşýän ýurtlaryň maska we goraýyş eşik üçin ýüz tutandygyny belledi.

Gültepe “Üstümidäki ýylyň 6 aýlyk döwründe 144,7 million dollarlyk maska, 428,7 million dollarlyk hem goraýjy eşik eksport etdik” diýdi.


Etiketkalar: #koronawirus , #eksport , #maska

Degişli Habarlar