“4-nji Burawlaýyş Gämimiz 19-njy Maýda Mersine Geler”

Ministr Fatih Dönmez, Türkiýäniň 4-nji burawlaýyş gämisiniň 19-njy maýda Mersine geljekdigini habar berdi.

1827515
“4-nji Burawlaýyş Gämimiz 19-njy Maýda Mersine Geler”

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Türkiýäniň 4-nji burawlaýyş gämisiniň 19-njy maýda Mersine geljekdigini habar berdi.

Ministr Dönmez, Stambulda geçirlen Nebit senagatynda milli tehnalogiýalar maslahatyna gatnaşdy.

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, maslahatda eden çykyşynda “4-nji burawlaýyş gämisi 19-njy maýda Türkiýä geler. Burawlaýyş gämimiz degişli taýarlyklaryň görülmegi üçin Mersin Taşujunda 2 aý galar. Taýarlyklaryň tamamlanmagyndan soň 4-nji burawlaýyş gämimiz gysga wagtda burawlaýyş işlerine başlar” diýdi.

Fatih, Ýawuz we Kanuny gämilerinden soň Türkiýäniň 4-nji burawlaýyş gämisiniň uzynlygy 238, ini 32 metr.

Ortaça burawlaýyş çuňlugy 12 müň 200 metr bolan gäminiň öz ugry boýunça iň gowy 5 gämiden biridigi nygtalýar.

 

 



Degişli Habarlar