44 Ýurda 16 Million 593 Müň 563  Dollarlyk Bal Eksport Edildi

8 aýda 3 müň 751 tonna bal eksport edildi.

1492503
44 Ýurda 16 Million 593 Müň 563  Dollarlyk Bal Eksport Edildi

 

Türkiýeden üstümizdäki ýylyň ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan döwürde 44 ýurda 16 million 593 müň 563 dollarlyk bal eksport edildi.

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginden berlen maglumata görä, 8 aýda 3 müň 751 tonna bal eksport edildi

Geçen ýyl ady agzalýan döwürde 3 mün 142 tonna bal eksport edilip 13 million 597 müň 877 dollarlyk girdeji gazanylypdy.

Üstümizdäki ýylyň 8 aýlyk döwründe bal eksporty mukdar taýdan 19, girdeji taýdan bolsa 22 göterim artdy.

8 aýda Polşa we Ýemen bilen birlikde 44 ýurda türk baly satyldy.

 


Etiketkalar: #mukdar , #eksport , #bal

Degişli Habarlar