6 aýda 535 million 728 müň dollarlyk ter gök we miwe önümi eksport edildi

Mersin, Hataý we Adana welaýatlaryndan 535 million 728 müň dollarlyk ter gök we miwe önümi eksport edildi

1449025
6 aýda 535 million 728 müň dollarlyk ter gök we miwe önümi eksport edildi

 

Mersin, Hataý we Adana welaýatlaryndan üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 535 million 728 müň dollarlyk ter gök we miwe önümi eksport edildi.

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň görkezijilerine görä, Gündogar Ortaýer deňizinde ýerleşýän 3 welaýatdan ýanwar-iýun aýlaryny öz içine alýan döwürde ter gök we miwe önümleriniň eksporty geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 18 göterim artdy

Geçen ýylyň birinji ýarymynda 453 million 815 million dollarlyk ter gök we miwe önümini eksport eden Mersin, Hataý we Adanda welaýatlarynyň eksporty üstümizdäki ýyl 18 göterim artyp 535 million 728 müň dollara barabar boldy.

Ady agzalýan döwürde Mersinden 280 million 186 müň, Hataýdan 203 million 79 müň we Adanadan 52 million 463 müň dollarlyk ter gök we miwe önümi eksport edildi.



Degişli Habarlar