8 Aýda 103 Ýurda 10 Million 772 Müň Dollarlyk Çaý Eksport Edildi

Çaý eksporty geçen ýyl bilen deňeşdirilende 33 göterim artdy

1490212
8 Aýda 103 Ýurda 10 Million 772 Müň Dollarlyk Çaý Eksport Edildi

 

Türkiýeden üstümizdäki ýylyň 8 aýlyk döwründe 103 ýurda 10 million 771 müň dollarlyk çaý eksport edildi.

Gündogar Garadeňiz Eksportçylar bileleşiginden berlen beýanata görä, ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan döwürde 2 müň 753 tonna çaý eksport edildi.

Çaý eksporty geçen ýyl bilen deňeşdirilende 33 göterim artyp 10 million 771 müň dollara barabar boldy.

Türkiýe ady agzalýan döwürde Belgiýanyň, Germaniýanyň, DKTR-nyň, ABŞ-nyň we Gollandiýanyň başda durmagynda 103 ýurda çaý eksport etdi.


Etiketkalar: #eksport , #çaý

Degişli Habarlar