“ABŞ Bilen Türkiýe Söwda Gatnaşygyny 100 Milliard Dollara Ýetirmek Isleýär”

ABŞ-nyň Söwda ministri Uilbur Ross özara söwda gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny aýtdy

1495756
“ABŞ Bilen Türkiýe Söwda Gatnaşygyny 100 Milliard Dollara Ýetirmek Isleýär”

ABŞ-nyň Söwda ministri Uilbur Ross “Prezident Donald Tramp we Prezident R.T.Erdogan özara gatnaşyklary ösdürmegi nazarda tutýarlar hem-de ýurtlarymyzyň arasynda söwda mukdaryny 100 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla edýärler” diýdi.

Uilbur Ross ABŞ-nyň Türkiýä edýän suwklandyrylan tebigy gaz eksportunyň iki ýurduň 100 milliard dollarlyk söwda mukdaryna ýetmekde “möhüm rol” oýnajakdygyny beýan etdi.

Ross Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň Türkiýe-ABŞ Işewürler geňeşi bilen ABŞ-nyň Söwda birleşmesi tarapyndan guralan 38-nji Türk-Amerikan Maslahatyna wideokonferensiýa görnüşinde gatnaşdy.

Amerikanyň Söwda ministri çykyşynda 1700 Amerikan firmasynyň Türkiýede iş alyp barýandygyny belläp, şolaryň 60 göteriminiň sebitleýin merkezleriniň Türkiýede ýerleşýändigini aýtdy.

Amerikan firmalarynyň 78,000 türk raýatyny iş bilen üpjün edýändigine ünsi çeken Ross, ABŞ-nyň Türkiýeden edýän importunyň bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 3 göterim ýokarlap, 10,6 milliard dollara barabar bolandygyny beýan etdi.

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda mukdary maksady hakynda-da durup geçen Ross: “Prezident Donald Tramp we Prezident R.T.Erdogan özara gatnaşyklary ösdürmegi nazarda tutýarlar hem-de ýurtlarymyzyň arasynda söwda mukdaryny 100 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla edýärler” diýdi.

Ministr Ross: “Geljekki ýyllarda hem ykdysady hem-de söwda gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýdi.



Degişli Habarlar