ABŞ-nyň Senaty Meksika we Kanada bilen edýän söwda gatnaşyklary hakyndaky ylalaşygy tassyklady

Demirgazyk Amerikanyň Erkin Söwda Ylalaşygyna düýpli özgertmeler girizildi

1342716
ABŞ-nyň Senaty Meksika we Kanada bilen edýän söwda gatnaşyklary hakyndaky ylalaşygy tassyklady

ABŞ-nyň Senaty ABŞ-nyň, Meksikanyň we Kanadanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň täze düzgünleri hakyndaky ylalaşygy tassyklap Prezident Trampyň garamagyna hödürledi.

Senatyň Baş Assambleýasynda geçirilen sese goýulşykda ABŞ-Meksika-Kanada Ylalaşyga 89 senator kabul sesini berdi. 10 senator bolsa garşy ses berdi.

Ozal Wekiller Palatasynda-da kabul edilen ylalaşyk, tassyklanyp güýje girmegi üçin Ak Tama ugradyldy. Trampyň gysga möhletde ylalaşygy tassyklamagyna garaşylýar.

Mundan ozal Meksikanyň Parlamentinde tassyklanan şol ylalaşyk, güýje girmegi üçin Kanada tarapyndan hem tassyklanmaly.

1994-nji ýyldan bäri hereket edýän we ABŞ-nyň Prezident Trampyň talabyna laýyklykda 2017-nji ýylyň awgust aýynda gaýtadan seljerilen Demirgazyk Amerikanyň Erkin Söwda Ylalaşygyna 1,5 ýyl dowam eden çekeleşikli gepleşiklerden soň düýpli özgertmeler girizildi.

Resmi Waşingtondan gelen talaba laýyklykda “USMKA” atlandyrylan täze ylalaşyga, ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudo we Meksikanyň ozalky Prezidenti Enrike Pena Nieto tarapyndan 2018-nji ýylyň noýabrynda Argentinada geçirilen G20-niň sammitinde gol goýulypdy.



Degişli Habarlar