Abu Dabi Maýa Goýum Ofisi Tel-Awiwde Wekilhana Açdy

Wekilhananyň halkara ulgamdaky ilkinji ofis boljakdygy beýan edildi

1492378
Abu Dabi Maýa Goýum Ofisi Tel-Awiwde Wekilhana Açdy

Resmi Abu Dabiniň Metbugat gullugynyň sosial media hasaplaryndan beren beýannamasynda maýa goýum mümkinçilikleri we Abu Dabi bilen Tel-Awiwiň arasyndaky bar bolan hyzmatdaşlary seljermek üçin “Ysraýylda Maýa Goý” atly firma bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde wekilhana açylandygy habar berildi.

Beýannamada, ofisin Abu Dabidäki işleriniň gerimini giňeltmek isleýän global firmalary goldamak, global kynçylyklara çözgüt tapmak we global täzelikçiler bilen aragatnaşyk saklamagyň çäginde halkara wekilhana torundaky ilkinji ofis boljakdygy mälim edilýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 13-nji awgustda Birleşen Arap Emirlikleriniň, 11-nji sentýabrda bolsa Bahreýniň Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny dolulygyna kadalaşdyrmak üçin ylalaşandygyny beýan edipdi.

1979-njy ýylda Müsüriň, 1994-nji ýylda Iordaniýadan soň Ysraýyl bilen katnaşyklary kadalaşdyrmak boýunça ylalaşan üçünji arap ýurdy Birleşen Arap Emirlikleri, dördünji arap ýurdy bolsa Bahreýn boldy.



Degişli Habarlar