Antalýa ýylyň ilkinji 4 aýynda 1 million 112 müň 383 syýahatçy geldi

Syýahatçylyk şäheri Antalýa şu ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda howa ýollary arkaly 1 million 112 müň 383 daşary ýurtly syýahatçy geldi

1821208
Antalýa ýylyň ilkinji 4 aýynda 1 million 112 müň 383 syýahatçy geldi

Deňizi, çägesi, güni, taryhy we tebigy gözellikleri, medeni gurluşy, aýlaglary, gadymy şäherleri bilen dünýäniň möhüm syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan Antalýa dünýäniň tapawutly ýurtlaryndan gelýän syýahatçylara ýer eýeçiligini edýär. 

Antalýanyň welaýat häkimliginiň Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň berýän maglumatyna görä, 1-nji ýanwar-30-nji aprel aralygynda şähere howa ýollary arkaly gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 162 göterim artdy. 

Şähere 2020-nji ýylda 431 müň 769 syýahatçy, 2021-nji ýylda şol döwür aralygynda 423 müň 773 syýahatçynyň gelen Antalýa şu ýyl bolsa ilkinji 4 aýda 1 million 112 müň 383 syýahatçy geldi.  

Şähere iň köp Germaniýa, Britaniýa we Russiýa ýaly ýurtlardan syýahatçylar geldi. 



Degişli Habarlar