Awgust aýynda eksport artdy

Awgust aýynda eksport geçen ýylyň awgust aýyna garanyňda 1,6 göterim artdy

1278790
Awgust aýynda eksport artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy bilen Söwda ministrligi tarapyndan taýarlanan awgust aýynyň eksporty bilen bagly wagtlaýyn daşary söwda hasabaty aýan edildi.

Şoňa laýyklykda eksport awgust aýynda, geçen ýylyň awgust aýyna garanyňda 1,6 göterim artyp, 12 milliard 523 million dollar hökmünde bellige alyndy.

Ady agzalan döwürde daşary söwda ýetmezçiligi 8,7 göterim azalyp, 2 milliard 406 million dollara ýetdi.

Türkiýäniň eksporty ýanwar-awgust aýlary aralygynda, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 2,6 göterim artyp 111 milliard 358 million dollara ýetdi.


Etiketkalar: #eksport , #awgust

Degişli Habarlar