Baku-Tibilisi-Jeýhan nebit geçirijisinden 3,3 milliard barrel nebit akdyryldy

Nebit geçirijisinden 9 aýda akdyrylan ýangyjyň mukdary bolsa 187,9 million barrele barabar

1289253
Baku-Tibilisi-Jeýhan nebit geçirijisinden 3,3 milliard barrel nebit akdyryldy

Azerbaýjan nebitini Türkiýäniň üstaşyr dünýä bazarlaryna ýetirýän Baku-Tibilisi-Jeýhan (BTJ) çig nebit geçirijisiniň Adananyň Jeýhan etrabyndaky deňiz terminalyndan 2006-njy ýyldan bäri ýüklenen çig nebitiň mukdary 3,3 milliard barrele barabar boldy.

“BOTAŞ-yň” görkezijilerine görä “Asyryň energiýa taslamasy” atlandyrylýan we 2006-njy ýylyň 13-nji iýulynda açylan nebit geçirijisiniň Adana welaýatynyň Jeýhan etrabyndaky Haýdar Aliýew adyndaky deňiz terminalyndan şu dünýä ýurtlaryna günki güne çenli 4,300-den gowrak tanker nebit ugradyldy.

BTJ nebit geçirijisiniň Türkiýe tarapyny dolandyrýan “BOTAŞ İnternational Ltd.ŞTİ-niň” tankerler bilen eksport eden çig nebit ýükleýiş işinde 2010-njy ýylda 286,2 million barrel bilen rekord goýuldy.



Degişli Habarlar