Bolgariýanyň iň uly syýahatçylyk kärhanasy batdy

Britaniýanyň tur operatory “Thomas Cook” kärhanasynyň batmagyndan soň, Bolgariýanyň iň köne we iň uly syýahatçylyk kärhanasy Astral Holidays hem batandygyny mälim etdi

1284014
Bolgariýanyň iň uly syýahatçylyk kärhanasy batdy

Kärhananyň resmi internet saýtynda berilen beýanatda, batmaklary sebäpli müşderileriniň aladalanmazlyklary islendi.

Kärhana, daşary ýurtdaky müşderilerine gerek bolan töleglerini berendigini, düýnden başlap bolsa beýleki müşderileriniň meýilleşdiren syýahatlaryny ýerine ýetirip bilmejekdikleri barada habar berilendigini mälim etdi.

Ýurtdaky syýahatçylyk pudagynda 24 ýyllyk geçmişe eýe bolan kärhananyň batmagy bilen bagly habarlardan soň, Bolgariýanyň Syýahatçylyk ministri Nikolina Angelkowa kärhananyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykdan soň beýanat beren Angelkowa, kärhananyň müşderilerinden käbirleriniň meýilleşdirilen syýahatlaryny we dynç alyşlaryny ýerine ýetirip bilmejekdigini, emma ätiýaçlandyryş kärhanalarynyň ähli çykdajylary tölejekdigini aýan etdi.



Degişli Habarlar