BTJ turba geçirijisinden 233 million 175 müň barrelik çig nebit dünýä bazarlaryna ýetirildi

Turba geçirijisinden şu günki güne çenli 3 milliard 300 million barrelden gowrak nebit, tankerler bilen dünýä bazaryna ugradyldy

1341379
BTJ turba geçirijisinden 233 million 175 müň barrelik çig nebit dünýä bazarlaryna ýetirildi

Azerbaýjanyň nebitini Türkiýäniň üstaşyr dünýä bazarlaryna ýetirýän Baku-Tiblisi-Jeýhan çig nebit turba geçirijisiniň Jeýhandaky deňiz terminalyndan geçen ýyl 233 million 175 müň barrelik çig nebit dünýä bazarlaryna ýetirildi.

BOTAŞ-yň görkezijilerine görä, “Asyryň energetika taslamasy” hökmünde atlandyrlan we resmi taýdan 2006-njy ýylyň 13-nji iýulynda açylan Baku-Tiblisi-Jeýhan çig nebit turba geçirijisinin soňky duralgasy bolan Adananyň Jeýhan etrabyndaky Haýdar Aliýew deňiz terminalyndan şu günki güne çenli 3 milliard 300 million barrelden gowrak nebit, tankerler bilen dünýä bazaryna ugradyldy.

Geçen ýyl Baku-Tiblisi-Jeýhan çig nebit turba geçirijisinden 233 million 175 müň barrellik çig nebit dünýä bazarlaryna ýetirildi.

Azerbaýjanda öndürilýän çig nebit, Gruziýanyň üstaşyr Jeýhandaky deňiz terminalyna, şol ýerden hem tankerler bilen dünýä bazarlaryna ýetirilýär.

 

 

 



Degişli Habarlar