Daşary Ýurtlylara Edilen Ýaşaýyş Jaý Satuwy 58,1 Göterim Artdy

Daşary ýurtlylara Stambuldan 2 müň 564, Antalýadan 1 müň 970, Ankaradan bolsa 333 ýaşaýyş jaýy satyldy.

1828287
Daşary Ýurtlylara Edilen Ýaşaýyş Jaý Satuwy 58,1 Göterim Artdy

Türkiýede daşary ýurtlylara edilen ýaşaýyş jaý satuwy aprel aýynda geçen ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 58,1 göterim artdy.

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň görkezijilerine görä, aprel aýynda Türkiýede jemi 133 müň 58 jaý satyldy.

Daşary ýurtlylara edilen ýaşaýyş jaý satuwy aprel aýynda geçen ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 58,1 göterim artyp 6 müň 447-ä ýetdi.

Daşary ýurtlylara Stambuldan 2 müň 564, Antalýadan 1 müň 970, Ankaradan bolsa 333 ýaşaýyş jaýy satyldy.

Daşary ýurtlylara edilen ýaşaýyş jaý satuwy ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürde 48,9 göterim artyp, 20 müň 791-e ýetdi.

Aprel aýynda Russiýanyň raýatlary Türkiýeden 1 müň 152, Eýranyň raýatlary 905, Yragyň raýatlary bolsa 714 ýaşaýyş jaýyny satyn aldy.

 

 



Degişli Habarlar