Dawos Sammiti Öz Işine Başlady

Soňky gezek 2020-njy ýylyň ýanwar aýynda geçirlen forum, epidemiýa sebäpli iki ýyl yza süýşürlipdi.

1830535
Dawos Sammiti Öz Işine Başlady

Dawos sammiti hökmünde bilinýän Bütindünýä Ykdysadyýet forumy täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli 2 ýyl soň Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde öz işine başlady.

Soňky gezek 2020-njy ýylyň ýanwar aýynda geçirlen forum, epidemiýa sebäpli iki ýyl yza süýşürlipdi.

Taryhynda ilkinji gezek ýanwar aýyndan başga aýda geçirilýän foruma 50 ýurduň döwlet baştutany we 300 hökümetiň wekili bilen birlikde 2 müň 500-e golaý adam gatnaşýar.

Forumyň çäginde maý aýynyň 23-26-sy aralygynda halka açyk oturluşyklar geçirler.

Oturluşykda Kovid-19 epidemiýasynyň ýaramaz täsirleri bilen Russiýanyň 24-nji fewraldan bäri Ukraina garşy guraýan hüjümleri meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

 


Etiketkalar: #forum , #ykdysadyýet , #Dawos

Degişli Habarlar