Eýranda Amerikan Dollary Taryhy Rekord Goýdy

Eýranda soňky aýlarda hümmetiniň ýokarlamagyna çäre tapylmaýan Amerikan dollary we ýewro taryhynyň iň ýokary çägine ýetdi

1496070
Eýranda Amerikan Dollary Taryhy Rekord Goýdy

Ýurtda erkin walýuta bazary bilen ýakyndan gyzyklanýan “bonbast.jom” saýtynyň habar bermegine görä erkin bazarda Amerikan dollarynyň kursy 28,100 tümene çenli ýetdi.

Şeýlelikde Amerikan dollarynyň kursy ilkinji gezek 28 müň tümenden geçdi, täze rekord goýan ýewro bolsa 32,900 tümenden satyldy.

Beýleki tarapdan Eýranyň Hasabat merkeziniň beýan eden görkezijilerine görä ýurtdaky ýyllyk inflýasiýa 26 göterime deň boldy.



Degişli Habarlar