“Eýranyň ykdysady şertleri Yrak urşy döwründäkiden hem agyr”

Eýranyň Nebit ministri Bižen Namdar Zengene ýurduň ykdysadyýetiniň Yrak urşundaky şertlerden hem agyrdygyny beýan etdi

1272662
“Eýranyň ykdysady şertleri Yrak urşy döwründäkiden hem agyr”

“Pars” habarlar gullugynyň habar bermegine görä paýtagt Tähranda Eýran-Yrak urşunda serkerdelik eden harbylaryň gatnaşmagynda geçirilen Söweş serkerdeleriniň 31-nji maslahatynda çykyş eden Zengene, 8 ýyl dowam eden Eýran-Yrak urşundaky şertleriň şu günkiden has gowudygyny aýtdy.

Zengene: “Şol döwürde nebit satýardyk, girdejisi banklara gelýärdi we haryt alyp bilýärdik. Ýurduň ykdysady pudagy işleýärdi. Mesele diňe howa hüjümleridi. Emma şu günki günde biziň nebit satuwymyzyň bolmazlygy, bank işlerimiziň alama aşmazlygy we bize haryt satuwynyň bökdelmegi üçin tagalla edýärler. Şol sebäpli şertler söweşden on esse agyr” diýdi.

Eýranyň dolanşyk ulgamyna garşy durýan Halkyň müjahitleri guramasynyň Ak Tama täsirini ýetirendigini aýdan Zengene, ABŞ-nyň, Ysraýylyň we Halkyň müjahitleri guramasynyň Eýran bilen söweşýändigini beýan etdi.

Eýranyň 67 ýaşly Nebit ministri Zengene: “Bu söweşiň adyny öz ýaşytdaşlarym üçin “Soňky söweş” göýdüm. Duşmanyň ykdysady söweşi bolan bu söweşde bar güýjümi ulanaryn” diýdi.



Degişli Habarlar