Gazprom iki ýurda tebigy gaz eksportyny duruzdy

Russiýanyň energiýa kärhanasy Gazprom, rubl bilen tölegi amala aşyrmandyklary sebäpli Bolgariýa we Polşa tebigy gaz eksportynyň dolulygyna bes edilendigini habar berdi

1818974
Gazprom iki ýurda tebigy gaz eksportyny duruzdy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin "dost bolmaýan ýurtlaryň" Russiýanyň tebigy gazyna rubl bilen tölemegi amala aşyrmaklary bilen bagly kararnama gol çekipdi. 

Putin: "Rubl bilen töleg edilmese, rus gazy bilen bagly ylalaşyklar bes ediler" diýip belläpdi. 

Gazprom tarapyndan şu gün berilen beýanatda, rubl bilen tölegi ýerine ýetirmändikleri üçin Bolgariýa we Polşa tebigy gaz eksportynyň dolulygyna duruzulandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar