Germaniýa Edilýän Eksportda Rekord Derejä Ýetildi

Türkiýe geçen aý Germaniýa 1,8 milliard dollarlyk eksport edip, ähli döwürleriň aýlyk rekorduna eýe boldy.

1825474
Germaniýa Edilýän Eksportda Rekord Derejä Ýetildi

Eksportda alternatiw bazarlar bilen ýoluny dowam etdirýän Türkiýe, bar bolan bazarlarda-da daşarky satuwy artdyrýar.

Türkiýäniň eksportda lokomotiw bazary bolan Germaniýa, birinji orny dowam etdirýän bolsa, daşarky satuwdaky rekordlara-da goşant goşýar.

Türkiýe aprel aýynda 1,8 milliard dollar bilen Germaniýa aýlyk eksportda rekord derejä ýetdi. Şeýlelikde Germaniýa Türkiýäniň esasy eksport eden bazary bolmagynda galdy. Türkiýäniň Germaniýa eden eksportunda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 20,8 göterim ösüş edildi. Germaniýanyň Türkiýäniň eksportundaky paýy bolsa 7,8 göterime barabar boldy.

Germaniýa geçen aý esasy eksport 395,8 million dollar bilen awtomobil senagaty pudagynda edildi.

Türkiýäniň eksporty ABŞ-na 50,2, Britaniýa 13,2, İtaliýa 23,3 we İspaniýa 31,8 göterim artdy.

 



Degişli Habarlar