“Hytaý-Pakistan Ykdysady Koridory Taslamasyna Edilen Tankydy Bellikler Manysyz”

Pakistanyň Premýer ministri İmran Han Hytaý-Pakistan ykdysady gatnaşyklary we Hytaý-Pakistan Ykdysady Koridory taslamasyna edilen tankydy bellikleriň manysyzdygyny aýtdy

1346857
“Hytaý-Pakistan Ykdysady Koridory Taslamasyna Edilen Tankydy Bellikler Manysyz”

ABŞ-nyň “CNBC” teleýaýlymyna beýannama beren Han Pakistanyň ykdysady taýdan agyr günleri başdan geçirýän döwründe Hytaýyň Guşak-Ýol taslamasy we “CPEC” bilen Pakistana kömek elini uzadandygyny beýan edip; “Hytaýa bizi halas edendigi üçin minnetdar” diýdi.

Han Hytaýyň Pakistana maýa goýandygyny we karz berendigini nygtap; “Hytaýdan alan karzymyz jemi karzymyzyň 5-6 göterimine deň. CPEC-iň Pakistan üçin karz duzagydygyny aýtmak manysyz” diýdi.

CPEC-iň çäginde gurlan portuň, erkin söwda zolagynyň we transport torunyň başga ýurtlardan daşary ýurtly maýadarlar üçin pursat döredýändigine ünsi çeken Han: “Hytaý hem Pakistanyň daşary ýurtly maýadar çekçek güýje eýedigini görüp, maýa goýumlaryny ýurdumyzda amala aşyrýar” diýdi.



Degişli Habarlar