Ilon Mask milliarderleriň sanawynda 2-nji oruna geçdi

Jeff Bezos bolsa, 182 milliard dollarlyk baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň arasynda 1-nji orundaky ýerini goraýar

1533549
Ilon Mask milliarderleriň sanawynda 2-nji oruna geçdi

Elektrik tokda işleýän awtoulaglary öndüriji kärhana bolan Teslanyň eýesi Ilon Mask, Microsoft kärhanasynyň esaslandyryjysy Bill Geýtsi geçip, dünýäniň iň baý adamlary sanawynda 2-nji oruna ýokarlady. 

Bloombergiň Milliarderler indeksine görä, Ilon Maska degişli elektrik tokda işleýän awtoulaglary öndürýän kärhana bolan Teslanyň gymmat bahaly kagyzlarynyň 6,5 göterim gymmatlamagyndan soň, işewür adamyň baýlygy 1 günde 7 milliard 200 million dollar artyp, 127 milliard 900 million dollara ýetdi. 

49 ýaşyndaky Ilon Mask, baýlygyna şu ýylyň başyndan bäri 100 milliard 300 million dollar goşuldy. 

Merkezi Amerikada ýerleşýän tehnologik kärhana bolan Microsoftyň esaslandyryjysy Bill Geýtsiň baýlygy bolsa 127 milliard 700 million dollar derejesinde galdy. 

Amerikan tehnologik kärhanasy Amazonyň eýesi Jeff Bezos bolsa, 182 milliard dollarlyk baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň arasynda 1-nji orundaky ýerini goraýar. 



Degişli Habarlar