Inflýasiýa aşaklamaga dowam edýär

Türkiýäniň Hasabat guramasy sentýabr aýyna degişli inflýasiýa görkezijilerini çap etdi

1281142
Inflýasiýa aşaklamaga dowam edýär

Türkiýäniň Hasabat guramasy sentýabr aýyna degişli inflýasiýa görkezijilerini çap etdi. Şuňa laýyklykda Sarp ediji nyrhlaryň indeksi 2017-nji ýylyň iýun aýyndan bäri ilkinji gezek bir öýjükli mukdara düşdi.

Ýyllyk inflýasiýa 9,26 göterime çenli aşaklady.

Täzde ykdysady maksatnamada beýan edilen 12 göterimlik ýyllyk inflýasiýa çaklamasyndan hem aşak düşdi.

Öndüriji nyrh indeksi bolsa ýyllyk mukdarda 2,45 göterime düşdi.

Görkerzijileri analiz eden Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak Twitter arkaly beren habarnamasynda inflýasiýada we hasaplaşykda gazanylan üstünligiň ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyryljakdygyny nygtady.

Albaýrak: “İndi täze maksadymyz şol üstünlikleri gorap, inflýasiýada 5 göterime çenli tapgyrlaýyn öňe gitmek” diýip ýazdy.

 



Degişli Habarlar