Kuweýt Yraga 85 million dollarlyk pul kömegini berdi

Kuweýt Yragyň ýaňadandan dikeldilmegine goldaw berýär

1143433
Kuweýt Yraga 85 million dollarlyk pul kömegini berdi

Kuweýt Yragyň ýaňadandan dikeldilmegi üçin Yraga 85 million dollarlyk pul kömegini berdi.

Kuweýdiň Galkynyş gaznasy tarapyndan berlen beýanatda, geçen ýyl geçirlen Kuweýt konferensiýasynda Yragyň ýaňadandan dikeldilmegi üçin 100 million dollarlyk pul kömeginiň berilmegi barada wada berlendigi we şol kömegiň çäginde Yraga 85 million dollaryň berlendigi nygtaldy.

Beýanatda ady agzalýan kömekleriň Yrakda terrorçylykly hüjümler sebäpli ýitgi çeken etrapçalarda 32 saglygy goraýyş merkeziniň we hassahananyň gurulmagy üçin sarp ediljekdigi ýatladyldy.

2018-nji ýylyň fewral aýynda Kuweýde Yragyň ýaňadandan dikeldilmegi konferensiýasy geçirlipdi.

 


Etiketkalar: #dikeltmek , #Kuweýt , #Yrak

Degişli Habarlar