Mart aýynda daşary ýurtlylara 3129 ýaşaýyş jaýy satyldy

Daşary ýurtlylara satylan ýaşaýyş jaý sanawynda 1520 ýaşaýyş jaýy bilen Stambul birinji orny eýeleýär

1185072
Mart aýynda daşary ýurtlylara 3129 ýaşaýyş jaýy satyldy

 

Türkiýede daşary ýurtlylara satylan ýaşaýyş jaýy mart aýynda geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 71,3 göterim artyp 3129-e ýetdi.

Hasabat guramasynyň mart aýynda daşary ýurtlylara satylan ýaşaýyş jaý baradaky görkezilerine görä, daşary ýurtlylara satylan ýaşaýyş jaý sanawynda 1520 ýaşaýyş jaýy bilen Stambul birinji orny eýeleýär.

Sanawda 626 ýaşaýyş jaýy bilen Antalýa ikinji, 173 ýaşaýyş jaýy bilen Ankara üçünji, 121 ýaşaýyş jaýy bilen Bursa dördünji orny eýeleýär.

Mart aýynda Yragyň raýatlary Türkiýeden 548, Eýranyň raýatlary 334, Saud Arabystanynyň raýatlary 189, Russiýanyň raýatlary 156 we Owganystanyň raýatlary hem 150 ýaşaýyş jaýyny satyn aldy

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar