McDonald's Russiýadan çekilýär

ABŞ-nyň McDonald's kärhanasy 30 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp baran Russiýa bazaryndan çekiljekdigini habar berdi

1827792
McDonald's Russiýadan çekilýär

McDonald's kärhanasy tarapyndan berilen beýanatda, Russiýadaky operasiýalaryň satuw tapgyrynyň başladylandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Ukrainadaky söweş sebäpli ynsanperwer krizis we tiz depginli öňünden çak edilmeýän iş gurşawy, McDonald's kärhanasynyň Russiýadaky işleriniň dowam edýän eýeçiliginiň mundan beýläk goralyp bilinmez we McDonald's-yň gymmatlyklaryna deň gelmeýändigi baradaky netijä gelinmegine sebäp döretdi" diýip habar berildi. 

Kärhananyň Russiýadaky McDonald's restoranlaryndan ybarat portfoliosynyň dolulygyna ýerli bir alyja satmaga synanyşylýandygy bellenen beýanatda, kärhananyň Russiýadaky işgärlerine töleg geçirilmäge dowam edilmeginiň  we işgärleriň potansial alyjy bilen gelejekde işlemekleriniň McDonald's kärhanasynyň ileri tutýan ugurlarynyň arasyndadygy aýan edildi. 

Beýanatda McDonald's-yň Ukrainadaky restoranlarynyň hem ýapyk bolmaga dowam edýändigi, Ýewropada McDonald's ulgamynyň ukrainaly bosgunlara azyk, galmaga ýer we iş bilen üpjün etmek arkaly goldaw berýändigi bellendi. 

McDonald's kärhanasy 8-nji martda Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy başladan hüjümlerine jogap hökmünde 62 müň adamyň işleýän Russiýadaky 850 restoranyny wagtlaýyn häsýetde ýapjakdygyny habar beripdi. 



Degişli Habarlar