Mehmet Şimşek: "Türkiyäniň ykdysadyýeti ynam döredýär" diýdi
Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek daşary ýurtly maýadarlaryň Türkiyäniň ykdysadyýetine ynanýandygyny beýan etdi
Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek ABŞ guran sapary barada Türkiyäniň radio we telewideniýe guramasy TRT beýanat berdi.
Mehmet Şimşak durmuşa geçirýän ykdysady programmalary bilen daşary ýurtly maýadarlaryň Türkiyä bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny habar berdi.
Struktutalaýyn özgertmeler bilen Türkiyäniň düzümini güýçlendirmäge dowam edýändiklerini aýdan Mehmet Şimşek, kredit derejelendiriş guramalarynyň hem Türkiye bilen bagly derejelendirmeleriniň oňyndygyny aýan etdi.
Bazarlarda türk barlyklaryna uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýdan Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek: "Global maýadarlar Türkiyäniň ykdysady maksatnamasyna ynanýarlar" diýip mälim etdi.
Degişli Habarlar
Gündogar Gara Deňiz Sebitiniň Önümleri 120 Ýurda Eksport Edildi
Eksport edilen önümleriň sanawynda 258 million 101 müň 314 dollar bilen funduk esasy orun eýeledi.