Merkezi bankyň ätiýaçlary artdy

Türkiýäniň Merkezi bankynyň ätiýaçlary artdy

25 Eylül 2019 06:01

Türkiýe Respublikasynyň Merkezi bankynyň ätiýajy geçen hepde 347 million dollar artyp, 101 milliard 852 million dollara ýetdi.

6-njy sentýabrda Merkezi bankyň daşary ýurt walýuta ätiýajy 489 million dollar artyp, 76 milliard 285 million dollar hökmünde bellige alyndy.

Daşary ýurt walýuta ätiýajy 29-njy awgustda 75 milliard 796 million dollar derejesindedi.

Ady agzalan döwürde altyn ätiýaçlary 25 milliard 567 million dollar hökmünde bellige alyndy.

Şeýlelik bilen Merkezi bankyň jemi ätiýajy, geçen hepde, ondan öňki hepdä garanyňda 347 million dollar artyp, 101 milliard 505 million dollardan 101 milliard 852 million dollara çenli ýokarlady.